BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär

  • 11.07.2025 01:43
  • 3.7k+

BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar.

Öndürijiniň maglumatlaryna görä, gaty berk batareýalaryň energiýa dykyzlygy 400 Wt·s/kg-a ýetýär, bu bolsa häzirki zaman litiý-ion çözgütleriň köpüsinden iki esse ýokarydyr. Synaglarda ulaglaryň 1500 km-e çenli aralygy geçendigi we 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanandygy aýdylýar. Halkara WLTP aýlawyna görä, görkeziji 1200 km-den geçýär.
Önümçilik orta we ýokary derejeli modeller üçin çäkli möçberde ýola goýlar. Häzirki wagtda BYD Seal sedany bilen synag işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa mega-zarýad beketleriniň infrastrukturasynyň gurluşygyny hem bilelikde alyp barýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, täze tehnologiýalaryň işlenip düzülmeginde emeli aň giňden ulanylýar, bu bolsa ylmy-barlag we işläp düzüş işleriniň tizligini 10-100 esse çaltlaşdyrýar. BYD batareýalaryň özüne düşýän bahasyny peseldip, 2030-njy ýyla çenli köpçülikleýin bazara çykmagy maksat edinýär.
Toyota, Mercedes we Volkswagen ýaly beýleki awtoulag öndürijileri henizem diňe prototip derejesinde iş alyp barýan bolsalar, BYD akkumulýatorlaryň işläp düzülmeginden başlap, awtoulaglaryň ýygnanmagyna çenli ähli tapgyrlary öz içine alýan dik integrirlenen gurluşy arkaly önümçilige eýýämden doly taýýar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......