Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi

  • 05.07.2025 06:27
  • 8.5k+

Bentley ganatly nyşany bolan Winged B-niň täze görnüşini resmi taýdan hödürledi. Bu logotipiň soňky 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji täzelenmesi bolup, brendiň 106 ýyllyk taryhyndaky bäşinji täzelenmesidir. Täze logotip ilkinji gezek 8-nji iýulda tanyşdyryljak konsept awtoulagda peýda bolar.

Täzelenen nyşanyň üstünde kompaniýanyň täze baş dizaýneri Robin Peýjiň ýolbaşçylygyndaky topar işledi. Ganatlar has ýiti we dinamiki görnüşde döredildi, nyşanyň merkezindäki B harpy bolsa, egrilen gyralary we relýef görnüşi bilen has göwrümli edildi. Ol ýokary hilli sagatlaryň dizaýnyna meňzedilipdir. B harpyň aşagyndaky pes ganatlar aýryldy, şeýlelikde, nyşan «ýönekeý we döwrebap» görnüşe getirildi.
Konsept awtoulagyň tanyşdyrylmagy bilen bilelikde, Bentley-iň Kru şäherindäki (Angliýa) täze dizaýn studiýasy hem açylar. Bu studiýa 1938-nji ýyldan galan binanyň içinde ýerleşýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze konsept awtoulag brendiň taryhyndaky meşhur modelleriň ýörelgesini dowam etdirer, şeýle-de geljekki dizaýnyň ugruny hem görkezer.
Robin Peýj täze nyşanyň Bentley-iň sanly döwürde ýönekeýlige we takyklyga ymtylmasyny alamatlandyrýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu üýtgeşme brendiň taryhyndaky täze we dinamiki döwrüň başlangyjydyr.
Bentley Motors 1919-njy ýylda Beýik Britaniýada inžener Uolter Ouen Bentli tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa tiz wagtda kuwwatly we kaşaň awtoulaglary öndürýän öndüriji hökmünde abraý gazandy. 1998-nji ýyldan bäri, brend Volkswagen Group konsernine degişli.


27.02.2026 21:47
6.4k+

Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr...

02.02.2026 10:30
2.5k+

Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir...

24.01.2026 15:48
3.5k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

28.10.2025 19:05
7.7k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...