Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

  • 27.02.2026 21:47
  • 6.6k+

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr.

Awtomobilden jemi 10 sanysy öndüriler we olaryň bahasy 34 million ýenadan (217,4 müň dollar) başlanar.
Ulaglaryň kuzowy diňe belli bir ýagtylyk düşende gök öwüşgin atýan aýratyn reňk bilen reňklenipdir. Şol bir reňk 22 dýuýmlyk hromlanan diskleriň arkasynda ýerleşýän tormoz suportlarynda hem ulanylypdyr. Ak reňkli salon oturgyçlaryň gök gyralary, nagyşly nyşanlar we öň panelindäki gül şekilli nagyşlar bilen bezelipdir. Salonda, şeýle hem, her bir nusganyň tertip belgisini görkezýän ýörite tabliçka ýerleşdirilendir.
Tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda, awtomobil goşa turbonadduwly, 4 litrlik standart V8 dwigateli bilen üpjün edilendir. 550 at güýjüne eýe bolan bu motor ulagyň 100 km/s tizlige bary-ýogy 4,5 sekuntda ýetmegini üpjün edýär. Awtomobiliň iň ýokary tizligi 290 km/s bilen çäklendirilendir.


şu gün 01:38
4.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
9.9k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.7k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

28.05.2026 18:11
3k+

Pastrananyň wideosyndaky adatdan daşary Bentley kiçijek görnüşde çykaryldy

Bentley kompaniýasy ýakynda çykan «Jimhana» stilindäki wideoşekillerde görkezilen awtomobili takyk gaýtalaýan Continental Supersports kupesiniň çäklendirilen sanda öndürilen iki sany masştabdaky modelini......