Pastrananyň wideosyndaky adatdan daşary Bentley kiçijek görnüşde çykaryldy

  • 28.05.2026 18:11
  • 3k+

Bentley kompaniýasy ýakynda çykan «Jimhana» stilindäki wideoşekillerde görkezilen awtomobili takyk gaýtalaýan Continental Supersports kupesiniň çäklendirilen sanda öndürilen iki sany masştabdaky modelini hödürledi.

Kolleksionerler üçin niýetlenen kiçi ulaglar sürüji Trewis Pastrananyň Krýu şäherindäki zawodyň çäginde dürli tilsimleri ýerine ýetiren ulagynyň daşky görnüşini janlandyrýar.

Modeller ölçegine görä 100 we 350 funt sterling bahadan hödürlenilýär. Has elýeterli wersiýasy 1:43 masştabda (uzynlygy 113 mm), has gymmady bolsa 1:18 masştabda (uzynlygy 270 mm) ýerine ýetirildi.

Her iki modeliň bezegi asyl nusgadaky eksterýeri doly gaýtalaýar: özboluşly reňk bezegi, kuzow detallary, radiator gözenegindäki 199 belgisi, aýnalaryň ýaşylymtyl öwüşgini we dürli reňkli teker diskleri. Bellemeli zady, Pastrananyň haýyşy boýunça hakyky ulagda gurlan el tormozynyň ryçagy hatda modelleriň salonynda-da şekillendirilipdir.

Täze önümleriň sany berk çäklendirilendir: kiçi ölçegde 1919 nusga we uly ölçegde bary-ýogy 199 nusga öndüriler.

Bentley-niň onlaýn aksessuarlar dükany eýýäm sargytlary kabul edip başlady we dünýäniň islendik nokadyna bäş günüň dowamynda eltip bermegi wada berýär. Bu sowgatlyk önümleriň satuwa çykarylmagy, hakyky Supersports kupeleriniň ýylyň ahyrynda meýilleşdirilen ilkinji üpjünçiligine gabatlandyryldy.

Ýatladyp geçsek, hakyky Continental Supersports ulagynyň jemi sany bary-ýogy 500 nusga bolar we olaryň ählisi eýýäm doly satyldy. Bu wersiýa ýeňilleşdirilen kuzowy, arka çekiji ulgamy we 666 at güýjüne deň bolan V8 hereketlendiriji bilen tapawutlanýar.


şu gün 10:28
877

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
5.8k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.3k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......