Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

  • şu gün 10:30
  • 341

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir.

Brendiň wekilleri bu modeli seriýalaýyn öndürmek baradaky karary köpçüligiň seslenmelerine esaslanyp kabul etmegi meýilleşdirýärler.
Ulagyň hereketlendiriji bölümi düýpli özgerdildi: tekerleriň aralygy 120 mm giňeldilip, ýerden beýikligi (klirensi) 310 mm-e çenli ýokarlandyryldy. Krossower 22 dýuýmlyk ralli dizaýnly ýasama diskler bilen enjamlaşdyryldy, bu bolsa oňa 550 mm çuňlukdaky suw päsgelçiliklerinden geçmäge mümkinçilik berýär. Daşky tapawutly aýratynlyklaryna bolsa giňeldilen arkalar, goşmaça yşyklandyryş ulgamy we üstünde ýaryş karty ýerleşdirilen ekspedisiýa ýük bölümi degişlidir.
Ulagyň güýç beriji gurluşy standart Speed wersiýasyndan alyndy. Kapotyň aşagynda 650 at güýjüni öndürýän 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisi ýerleşýär. Ol sekiz basgançakly awtomat korobka we doly çekiji ulgam bilen bilelikde işleýär. Şeýle-de ulagyň gurluşynda pnewmatik asma we işjeň stabilizatorlar ulanylypdyr.


24.01.2026 15:48
3.4k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

28.10.2025 19:05
7.6k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

24.09.2025 13:07
4.7k+

Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi

Bentley kompaniýasy Flying Spur sedanynda ilkinji gezek ombre reňkleýiş tehnologiýasyny ulandy. Şeýle tehnika iki reňkiň biri-birine akgynly geçişini göz öňünde tutýar - awtoulagyň öň tarapy mawy Topaz, arka tarapy dok gök Windsor reňki bilen boýalýar...

04.09.2025 19:46
17k+

Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar

eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr...