Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy

  • 11.07.2025 01:56
  • 9.5k+

Germaniýanyň Keyvany awtobezeg ussahanasy täzelenen «Rolls-Royce Cullinan Series II Black Badge» modeli esasynda «Hayula II-niň» ekstremal wersiýasyny taýýarlady. Awtoulag agressiw aerodinamik obwes bilen enjamlaşdyryldy.

Esasy aýratynlyklaryň arasynda çal reňkli goýmalary bilen ulaldylan radiator gözenegi, galp howalandyryş elementleri, uly teker arkasy giňeltmeleri we narynç aksentli aerodetallar bar. Şeýle-de inedördül görnüşli jübüt tüsse çykaryjy turbalar, «ganatly» LED yşyk zolagy, radiator gözeneginde üç sany deşik we Formula-1 bolidleriniň äheňinde diffuzor bilen üpjün edilen. Şeýle-de yzky uly spoýleri ulagyň daşky keşbini jemleýär.
Awtoulagyň salony görkezilmedi. Bu týuningiň Exotic Cars Dubai dileri üçin taýýarlanylandygy habar berilýär. Munuň özi içki bezegde hem üýtgeşmeleriň bolup biljekdigini aňladýar, emma bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady.
Tehniki tarapda üýtgeşme ýok – ulag öňküsi ýaly 6,75 litrlik V12 benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, ýolsuz ýerler üçin niýetlen iň meşhur premium awtoulaglaryň biri bolmagynda galýar.
Model esasan-da radikal daşky týuningi söýüjiler üçin niýetlenendir.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...