Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär

  • 10.07.2025 23:56
  • 5k+

Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar.

Syýahatyň maksady Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek. Syýahata Germaniýanyň Gannower şäherinden badalga berildi. Bu ugur Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly Ýewropadan gaty uzakda ýerleşýän sebitleri hem öz içine alýar. Syýahaty sekiz aýda tamamlamak göz öňünde tutuldy.
Ulag serişdesi hökmünde, takmynan, ýöreýiş ätiýaçlygy 400 km, batareýa kuwwaty 86 kWt bolan seriýalaýyn Volkswagen ID. Buzz ulanylýar. Alan ýeke-täk tehniki üýtgetmesi çäkli infrastrukturasy bolan ýerlerde has çalt zarýad bermek üçin AC-DC üýtgeýän tok öwrüjisiniň oturdylmagydyr.
Raýner Sitlou 55 ýaşynda. Ol awtoulagda eden syýahaty üçin eýýäm sekiz gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, Volkswagen bilen 24 sany bilelikdäki taslamany tamamlady.





14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......