Range Rover ilkinji gezek logotip edindi

  • 15.07.2025 13:48
  • 4k+

Range Rover 1970-nji ýyllarda döredilenden bäri ilkinji gezek öz logotipi bilen tanyşdyrdy. Dikligine deňleşdirilen altynsow reňkli R harpy görnüşindäki täze nyşan awtoulaglardaky däp bolan nyşanyň ornuny tutmasa-da, brendiň wizual stiliniň elementine öwrüler.

Logotip ilki maýa goýujylaryň tanyşdyryş dabarasynda görkezildi we soňra Range Rover-iň Milanyň dizaýn hepdeliginde bolmagyna bagyşlanan metbugat beýanatynda çap edildi. Şeýle hem, kompaniýa biri-biriniň içinden geçirilen R-leriň onlarçasyndan düzülen firma nagşyny görkezdi.


Jaguar Land Rover-de Autoсar neşirine täze aýna nyşanynyň däp bolan ýazgydan ykjam nyşanyň ileri tutulýan ýerinde çäreleri bezemekde, brendiň önümlerinde we bezeg elementlerinde ulanmak üçin niýetlenendigini aýtdy. Bu belgi awtoulaglaryň kuzowynda, megerem, ulanylmasa gerek.
Täze nyşanyň girizilmegi Jaguar Land Rover-iň dört kiçi brendi: Jaguar, Defender, Discovery we Range Rover-i kesgitleýän House of Brands strategiýasynyň bir bölegidir. Her biri öz ýerleşişini we wizual häsiýetini alýar, Land Rover wnedorožnik häsiýetnamalarynyň we tehnologiýasynyň nyşany bolup galýar.
Ilkinji Range Rover EV 2025-nji ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarylar, ondan soň Velar we Sport wersiýalary satuwda peýda bolar. Täze logotip nusgawy wnedorožnik dizaýnly üznüksizligi saklamak bilen, brendiň täzelenmeginiň nyşany hökmünde premial segmentde ulanylar.

düýn 21:15
3.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.1k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....