Hyundai-niň zawodynda şu güýzde "Atlas" atly adam şekilli robotlar işe başlar

  • 07.07.2025 12:29
  • 3.1k+

Öňümizdäki oktýabr aýyndan başlap, ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky Hyundai Metaplant America zawodynda Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen adam şekilli Atlas robotlarynyň ilkinji synaglary başlanar. Bu barada «Korea Joongang Daily» habar berýär.

Bu Atlas-yň Hyundai-niň önümçilik meýdançasynda ilkinji gezek ulanylmagy bolar. Ilkinji tapgyrda robot awtoulaglary ýygnamaga başlamazdan ozal detallary tertiplemek işi bilen meşgullanar. Ol özbaşdak çözgüt kabul edip bilýär, erkin hereket edýär we çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýär: operatoryň kömegi bolmazdan detallary galdyryp, daşap, ýerleşdirýär.
Synaglaryň netijelerine görä, kompaniýa Atlas-yň beýleki zawodlarda hem ulanylmagy boýunça karar kabul eder. Bu zawodlaryň hataryna Günorta Koreýanyň Ulsan şäherindäki Hyundai we Kwanmýon şäherindäki Kia kärhanalary hem girýär.
Adam şekilli robotlaryň köpçülikleýin önümçilige girizilmegi 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär. Onuň bahasynyň 150 müň amerikan dollaryndan hem ýokary bolmagyna garaşylýar.
Boston Dynamics önümçilikde eýýämden Spot robot itini we ammarda işleýän Stretch robotyny ulanýar. Stretch esasan-da Hyundai, BMW we Ford zawodlarynda ulanylýar. Şeýle hem kompaniýa DHL bilen gutulary düşürmek üçin ulanyljak 1300 sany Stretch robotyny üpjün etmek barada şertnama baglaşdy.
Hyundai 2021-nji ýylyň iýun aýynda SoftBank Group-dan Boston Dynamics kompaniýasynyň 80%-lik paýnamasyny 1,1 mlrd dollara satyn aldy.
Mundan ozal Tesla, BMW we Mercedes-Benz ýaly kompaniýalar hem adam şekilli robotlary önümçilige girizmek isleýändiklerini mälim edipdiler. Şeýle enjamlar adaty we agyr işleri ýerine ýetirip, adamlaryň has çylşyrymly we döredijilikli işlere gönükdirilmegine ýardam berer.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....