Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly

  • 09.07.2025 14:00
  • 11k+

Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir.

Setirde ölçegleri we agramy kemeldilen 1,5 we 2,0 litrlik hereketlendirijiler bar. 1.5 litrlik täze hereketlendiriji öňki nesle garanyňda 10% ýeňil we ykjam. 2.0 litrlik hereketlendiriji has ýokary öndürijilik we ýangyjy az sarp etmek bilen bir hatarda häzirki 2.4 litrlik hereketlendirijileriň ornuny tutup biler.
Gurluşy köp taraplylygy göz öňünde tutup işlenip düzüldi - hereketlendirijiler uzynlygyna-da ýa-da keseligine-de oturdylyp bilner we öň, yzky ýa-da doly hereketli tekerli ulaglarda ulanylyp bilner.
Toyota, Mazda we Subaru bu enjamlary gibrid güýç gurluşlarynyň bir bölegi hökmünde bilelikde ulanmagy meýilleşdirýärler. Hereketlendirijiler sintetiki ýangyç bilen hem we bio-ýangyç bilen hem işlemäge taýyn.
Hereketlendirijiler gündelik awtoulaglar üçin hem, sport modelleri üçin hem işlenip düzülýär. 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisiniň konfigurasiýasyna  baglylykda kuwwatyny 400-den 600 at güýjüne çenli artdyrmagyna garaşylýar. Bu görkezijiler geljekki sport awtoulaglarynda, şol sanda MR2 ýa-da Celica täzeden dikeldilende ulanylyp bilner.


düýn 21:15
3.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....