2025-nji ýylyň Audi A3 modeli täze benzinli hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam bilen çykdy

  • 08.07.2025 17:36
  • 2.3k+

Audi 2025-nji ýylyň täzelenen A3 modelini hödürledi. Model 204 at güýjüni öndürýän we 320 Nm tork berýän täze 2.0 TFSI benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Quattro doly herekete getiriji ulgamy bilen ulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 6,3 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 245 km/sag.

Ulag üç görnüşde hödürlenýär: SportbackSedan we Allstreet. Ähli wersiýalarda 7 basgançakly awtomati S tronic karobka bar. WLTP aýlawyna görä, ortaça ýangyç sarp edişi her 100 km üçin 6,8-7,1 litr aralygynda, CO2 bölüp çykaryşy bolsa 155-162 g/km aralygynda üýtgeýär.
Audi täzelenen A3 modelini dinamika, rahatlyk hem-de dürli ýol şertlerine uýgunlaşmak ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän köptaraplaýyn awtoulag hökmünde hödürleýär.
Sportback görnüşiniň bahasy Business Advanced toplumy bilen 47 500 ýewrodan başlaýar. Sedan görnüşi üçin bahalar 48 800 ýewrodan, Allstreet kross wersiýasy üçin bolsa 50 müň ýewrodan başlaýar. Model dürli enjamlaşdyryş derejelerinde hödürlenýär, şol sanda S line we Identity Contrast görnüşleri hem bar.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...