Mitsubishi «Grandis» modelini Renault-nyň platformasynda gibrid krossower görnüşinde täzeden dikeltdi

  • 05.07.2025 19:15
  • 4.4k+

Mitsubishi kompaniýasy täze Grandis krossowerini hödürledi. Bu model 13 ýyllyk arakesmeden soň Ýewropa bazaryna dolanyp gelýär. Öňler miniwen görnüşinde çykarylan Grandis, indi Renault-yň platformasynda gurlan gibrid krossower görnüşinde täzeden döredildi.

Dizaýny boýunça täze model Renault Symbioz-a meňzeş, ýöne öňdäki bamperi, radiator gözenegi we 19 dýuýmlyk tekerleri bilen özboluşly keşbe eýe. Bagažyň göwrümi 434 litrden başlap, oturgyçlar ýygnalanda 1455 litre çenli artýar.
Esasy wersiýasy 140 at güýjüni öndürýän 1,3 litrlik turbohereketlendiriji bilen üpjün ediler. Ol alty basgançakly mehanika ýa-da ýedi basgançakly «robotlaşdyrylan» karobka bilen işleýär. Iň ýokary görnüşlerinde bolsa üç hereketlendirijili gibrid ulgam bolar: 109 at güýjündäki 1,8 litrlik benzinli hereketlendiriji, 49 at güýjündäki elektrohereketlendiriji we 20 at güýjündäki starter-generator.

Elektrik ulgamy 1,4 kWt·sag sygymly litiý-ion batareýadan güýç alýar. Ulgam doly elektrikli, gibrid, energiýany dikeldýän we batareýanyň zarýadyny 40% we ondan ýokary saklaýan E-Save ýaly birnäçe iş tertibini goldaýar.
Grandis modeli häzirki zaman enjamlar bilen üpjün ediler: 10,4 dýuýmlyk ekrany bolan Google hyzmatly media ulgam, ýagtylygyny sazlap bolýan panoramaly üçek, hereket duýujy bilen işleýän elektrikli bagaž gapysy hem-de sürüjä ýardam berýän dürli ulgamlaryň toplumy.
Krossoweriň önümçiligi Renault-yň Ispaniýadaky zawodynda ýola goýlar, Ýewropadaky satuwlary bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlanar.





03.03.2026 16:26
5.4k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...

05.01.2026 15:00
10k+

Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär...

08.11.2025 07:21
4.2k+

Mitsubishi kaşaň Elevance konsepti bilen tanyşdyrdy: wnedorožniklere täzeçe çemeleşme

Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi. Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr...