Lamborghini meýilnamalaryny üýtgedip, Urus-y elektrikleşdirilmegini yza süýşürdi

  • 15.07.2025 13:03
  • 4k+

Lamborghini Urus krossoweriniň elektrik çekişine geçmegi azyndan 2035-nji ýyla çenli yza süýşürilýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Stefan Winkelmann Autoсar-a beren interwýusynda habar berdi. Meýilnamalaryň täzeden gözden geçirilmeginiň awtoulag bazaryndaky näbellilik sebäpli ýüze çykandygyny mälim etdi.

Lamborghini öň Urus modelini häzirki onýyllygyň ahyryna çenli elektrik platformasyna geçirmegi meýilleşdirýärdi. Emma, Winkelmanyň sözlerine görä, krossoweriň indiki nesli hem gibrid bolmagynda galar. Täzelenen wersiýanyň 2029-njy ýyla ýakyn çykmagyna garaşylýar.
Brendiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, täze strategiýa barada müşderilere eýýäm habar berildi we ol höwes bilen kabul edildi. Şeýle hem, ol 2035-nji ýyldan başlap Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ähli täze awtoulaglaryň zyňyndysyz bolmagynyň talap ediljekdigini we diňe şol senede, eger häzirki düzgünler üýtgemese, Urus-yň içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini doly aýyrjakdygyny ýatlatdy.
Mundan başga-da, kompaniýa 2029-njy ýylda Lanzador düşünjesine esaslanýan ilkinji önümçilik elektrik awtoulagyny hödürlemegi meýilleşdirýärdi. Şeýle-de bolsa, Winkelmanyň sözlerine görä, häzirki bazaryň ýagdaýy bu möhletlere täsirini ýetirip biler. Jemleýji karar goşmaça seljermeden soň geljek ýylyň başynda kabul ediler.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...