Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy

  • 07.07.2025 12:33
  • 2.8k+

McLaren direktorlar geňeşiniň täze düzümini mälim etdi. Bu geňeş kompaniýanyň strategik dolandyrylyşyny alyp barar. Täze geňeşiň düzümine dokuz adam girýär, olaryň arasynda Ferrari-niň öňki ýolbaşçysy Luka di Montezemolo bilen Roll-Royce-a 15 ýyl ýolbaşçylyk eden Torsten Mýuller-Otwos hem bar.

Direktorlar geňeşine Abu-Dabiden CYVN Holdings maýa goýum kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşykdan soň, aprelde döredilen McLaren Group Holdings Limited ýolbaşçylyk eder. CYVN Holdings kompaniýasy McLaren Automotive-iň gözegçilik paýnamalaryny, McLaren Racing-iň bolsa käbir paýnamalaryny satyn alyp, olary Forseven atly britan startapy bilen birleşdirdi. Bu ylalaşyk McLaren Automotive-iň ähli maliýe borçlaryny üzmäge mümkinçilik berdi.
Täze direktorlar geňeşi diňe McLaren Automotive-niň ösüşine gönükdiriler, tutuş McLaren toparyna täsir etmez. Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, ýokary derejeli awtoulag pudagynda uly tejribesi bolan hünärmenleriň geňeşe çekilmegi McLaren-iň kaşaň superkarlaryň önümçiligi boýunça dünýädäki öňdebaryjy ornuny berkitmek maksady bilen baglanyşyklydyr.
Luka di Montezemolo Ferrari-de uly özgertmeleri durmuşa geçiripdi. Torsten Mýuller-Otwos bolsa Rolls-Royce-a ýolbaşçylyk eden döwründe, brendiň satuwlaryny alty esse artdyryp, ýaş auditoriýany özüne çekdi hem-de kompaniýanyň ilkinji krossoweriniň çykmagyna mümkinçilik döretdi.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......