BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy

  • 07.07.2025 13:27
  • 6.9k+

«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy.

Täze netije öz synpyndaky ozalky rekordy 8 sekunt aratapawut bilen geçdi.
Rekord 11-nji aprelde, ýagny modeliň resmi tanyşdyrylyşyndan öň hasaba alnypdyr, emma bu barada resmi taýdan ýaňy habar berildi. Şonuň üçin hem awtoulag suratlarda kamuflýažly (kuzowy ýapýan örtükli) ýagdaýda görkezilýär. Rulda inžener we awtosportçy Ýorg Waýdinger oturan eken. Ol 2023-nji ýylda hem «BMW M2» bilen 7 minut 38,7 sekuntlyk netijäni görkezip, rekord goýupdy.


Ýazda tanyşdyrylan «BMW M2 CS» 530 at güýjüni öndürýär we 650 Nm tork berýär. Hereketlendirijisi sekiz diapazonly karobka bilen işleýär. Awtoulagyň asma ulgamy täzelenipdir, üstesine-de, adaty M2 modeliniňden has ýeňil bolupdyr. Hut şu kämilleşdirme rekord netijä ýetmäge ýardam beripdir.



şu gün 14:34
541

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......