Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar

  • 07.07.2025 14:19
  • 6.9k+

Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr.

Ulgam ilkinji gezek sekizinji nesil Elantra modelinde 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde, soň bolsa şol ýylyň üçünji çärýeginde Günorta Koreýadaky täze Tucson modelinde peýda bolar.
PLEOS Connect platformasy Android Automotive operasion ulgamynyň binýadynda gurlup, Gleo AI atly emeli aň modelini ulanýar. Ulgam sürüji bilen gepleşik gurap bilýär, ýoluň ýagdaýy, howa maglumaty, ulagyň dolandyrylyşy baradaky soraglara jogap berýär we şol bir wagtda ugur kesgitlemek, şeýle-de islenen aýdym-sazy açmak ýaly birnäçe buýruklary hem ýerine ýetirýär.


Ulgamyň interfeýsi minimalistik stilde bolup, fiziki düwmeleri bolmadyk planşet görnüşli sensor ekrany öz içine alýar. Gurallar paneliniň ýokarsyndaky ykjam displeý sürüjiniň ünsüniň sowulmazlygy üçin, esasy maglumatlary onuň göni öňünde görkezip durýar. PLEOS Connect birden köp wezipäni ýerine ýetirmegi (multitasking) goldaýar, birnäçe goşundyny bir wagtda işletmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ulanyjynyň ulag bilen aragatnaşygyny smartfonyňka meňzedýär.
Platformanyň işlenip düzülişini kompaniýanyň prezidenti Son Çan Hýonyň özi gözegçilikde saklaýar. Ol SDV bölümini, 42Dot startapyny we Hyundai & Kia AVP bölümlerini bir ugra tarap gönükdirýär. Hyundai 2030-njy ýyla çenli dünýäde 20 milliondan gowrak ulagyny PLEOS Connect ulgamy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär, bu kompaniýanyň sanlylaşdyrylmagyna tarap möhüm ädimleriň biri bolar.
Ulgam ilki bilen Günorta Koreýada peýda bolar, soň bolsa dünýä bazaryna ýaýradylar.
PLEOS Connect bulut hyzmatlaryny we yzygiderli «howa arkaly» täzelenmeleri goldaýar, bu bolsa Hyundai-niň sanly awtoulag platformalaryna geçişinde möhüm element bolup durýar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......