Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar

  • 09.07.2025 14:12
  • 7.7k+

BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr.

Awtoulag has haýbatly dizaýny, gara üçegi, birtopar karbon elementi we agramy 15 kg kemeldilendigi bilen adaty M3 Touring wersiýasyndan tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde, karbon üçegi, başga-da karbon komponentleriniň bardygyna garamazdan, bukja goşulmaýar – ony kiçi göwrümli önümçilik üçin gurmak gaty çylşyrymly hasaplandy.
Reňk hatarynda Laguna Seca Blue we British Racing Green ýaly, BMW firma reňkleri bolar diýlip garaşylýar.
Awtoulaglaryň bahasy 20,98 million iýen (takmynan 145 000 dollar), bu Ýaponiýada 14,8 million iýen (takmynan 102 000 dollar) bahasy bolan M3 Touring-den ep-esli ýokarydyr. Model üçin sargytlar 13-nji iýula çenli kabul edilýär. Ilkinji eltip bermelere başlamak noýabr aýynda meýilleşdirilýär.
Awtoulag 550 at güýçli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr we sagatda 100 km tizlige 3,6 sekuntda çykýar.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 16:35
6.7k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......