Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär

  • 10.07.2025 23:37
  • 8.2k+

Lexus Ýaponiýada LBX Morizo RR Original Edition krossoweriniň çäkli nusgasyny çykarar, onuň bary-ýogy 100 sanysy bolar. Olary diňe lotereýanyň ýeňijileri satyn alyp biler, lotereýa gatnaşmak üçin sargytlar dilerlik merkezlerinde kabul ediler diýip, Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bu model Toyota kompaniýasynyň prezidenti Akio Toýodanyň adyny göterýär (Morizo onuň lakamy). Ýörite wersiýa stil taýdan onuň şahsy sargydy esasynda döredilen awtoulagy gaýtalaýar. Ol adaty LBX Morizo RR-den kuzowynyň Sonic Chrome reňki, öň tarapynyň açyk sary öwüşginleri we şol bir tormoz supportalary bilen tapawutlanýar.
LBX Morizo RR krossoweri ilkinji gezek geçen tomus tanyşdyryldy. Ol GR Yaris-iň 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp, 304 at güýjüni we 400 Nm tork öndürýär. 100 km / sag tizlige 5,2 sekuntda çykýar. Model diňe tekerleri doly hereketli görnüşde we iki sany geçiriş warianty - alty tizlikli mehanika ýa-da sekiz tizlikli awtomat bilen hödürlenýär.
LBX-iň esasy wersiýasy kuwwaty boýunça pes hem-de ulaldylan howa girişli we arkaly sport korpusy ýok.



09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....