Hytaýyň ýollarynda Xiaomi YU9 wnedorožniginiň nusgasy göze ildi: ol gibrid bolar

  • 15.07.2025 12:22
  • 8.4k+

Hytaýyň ýollarynda doly göwrümli gibrid Xiaomi YU9 wnedorožniginiň prototipi göze ildi. Awtoulag meýdan synaglaryndan geçýär. CarNewsChina-nyň berýän habaryna görä, modeliň 2026-njy ýylyň ýazynda hödürlenmegine garaşylýar. Bahalary şol ýylyň tomsunda yglan ediler.

YU9 Xiaomi-niň ilkinji wnedorožnigi bolar we ýöreýiş ätiýaçlygy köpeldilen elektrikli ulag bolan EREV görnüşli güýç gurluşyny alar. Hereketiň esasy çeşmesi elektrik hereketlendirijisi bolar we 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi generator hökmünde işlär. Ulgamyň kuwwaty takmynan 400 at güýjüne deň bolar, 100 km / sag tizlige 5 sekuntda çykar. Iň ýokary energiýa ätiýaçlygy 1500 km-ä ýeter.


Awtoulag goşa motorly ähli tekeri hereketli ulgamy alar we 800 V çalt zarýad bermek üçin goldaw bilen üpjün ediler. Wnedorožnigiň uzynlygy 5,3 metr töweregi, 6 ýa-da 7 orunlyk bolmagyna garaşylýar. Modeliň esasy bäsdeşleri Huawei tarapyndan goldanýan Li Auto L9 we Aito M9 bolar.
Xiaomi YU9-yň esasy wersiýasynyň bahasy 359 800 ýuandan (takmynan 50 100 dollar) başlar, iň ýokarky görnüşiniň bolsa 500 000 ýuan (takmynan 69 700 dollar) bolmagyna garaşylýar.
Xiaomi awtoulag pudagynda çalt depginde tejribe gazanýar: geçen ýazda kompaniýa ilkinji awtoulagyny - orta göwrümli sedan SU7-ni çykardy we ýakynda bolsa ilkinji elektrik krossoweri YU7-ni hödürledi. YU9 brendiň has güýçli we sygymly  awtoulaglar segmentinde indiki ädimi bolar.


düýn 18:36
2.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....