Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar

  • 09.07.2025 13:38
  • 4.6k+

Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli.

Yzyna çagyrylýan awtoulaglaryň takyk sany aýdylmady, ýöne Automotive News Europe-yň berýän habaryna görä, Fransiýada geçirilýän kampaniýa takmynan 930 müň awtoulaga, Belgiýada ýene 117 müň awtoulaga degişli.
Mesele hereketlendirijide daşky sesleriň çykmagyna, käbir ýagdaýlarda bolsa onuň döwülmegine sebäp bolup biljek gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň çalt könelmeginde bolup durýar. Stellantis häzirki wagtda bu kemçilik bilen baglanyşykly ýekeje hadysanyň-da hasaba alynmandygyny aýtdy.
Kampaniýanyň çäginde hereketlendirijiniň sesini seljerýän ýörite programma arkaly zynjyryň ýagdaýy barlanar. Zerur bolsa, bölek şaýy çalşylar we programma üpjünçiligi hem täzelener.
Geçen aý konsern Takata howpsuzlyk ýassygynyň kemçiligi zerarly ýüze çykyp biljek howp bilen bagly 441 müň Citroen C3 we DS3 awtoulaglarynyň yzyna çagyrylýandygyny habar beripdi.


12.12.2025 16:45
8.8k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy...

09.10.2025 18:18
9.6k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.9k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.8k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...