Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi

  • 07.07.2025 13:41
  • 6.8k+

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi. Ýangyç Germaniýanyň Ýulih şäherindäki DAWN senagat desgasynda öndürildi.

Ýangyç konsentrirlenen Gün energiýasy arkaly biogen ugleroddan we suwdan döredilen, uglerod taýdan bitarap garyndydyr. Audi-niň hereketlendirijisine hiç hili üýtgeşme girizilmedi, bu bolsa täze ýangyjyň häzirki içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen doly gabat gelýändigini görkezýär.
Synag ýörişi Şweýsariýadaky «Supercar Owners Circle» çäresinde geçirildi. Bu Synhelion-yň ýangyjynyň ulaglarda üçünji gezek ulanylmagy boldy: kompaniýa ozal Gün dizelini motosiklde we gämide üstünlikli ulanypdy.
Synhelion-yň işläp düzmesi awtoulag pudagy üçin uly mümkinçilikleriň öňüni açýar, sebäbi bu tehnologiýa adaty ýangyçlara ekologik taýdan alternatiwa hödürleýär. Ol CO2 zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär we klassyky IÝH-li (benzinli we dizelli) awtoulaglardan ýüz öwürmegi talap etmeýär.


09.05.2026 13:31
2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...