Täzelenen Toyota HiLux ilkinji gezek rozetkadan zarýad alýan görnüşde we 8 basgançakly karobka bilen çykar

  • 06.07.2025 20:08
  • 10k+

Toyota kompaniýasy HiLux pikabynyň täze plagin gibrid (PHEV) wersiýasyny taýýarlaýar. Ýapon çeşmeleriň ýazmagyna görä, bu modeliň elektrikleşdirilmegine gönükdirilen ilkinji ädim bolar we Ford Ranger PHEV hem-de BYD Shark 6 ýaly bäsdeşlere gönüden-göni jogap hökmünde çykarylar.

Häzirki wagtda gibrid ulgamyň tehniki aýratynlyklary barada resmi maglumat ýok. Emma rozetkadan zarýad alýan görnüşiň dizelli modifikasiýalardan soň, 2026-njy ýylda bazara çykmagyna garaşylýar.
Gizlin düşürilen suratlara görä, täze HiLux doly täze nesil bolman, häzirki modeliň düýpli döwrebaplaşdyrylan görnüşi bolar. Çeşmeler onuň Land Cruiser 300 we täze Prado modellerinde ulanylýan GA-F kysymly çarçuwaly platformanyň binýadynda guruljakdygyny aýdýar. Bu bolsa gibrid düzüm bölekleriniň integrasiýasyny ýeňilleşdirer.
Kompaniýa şeýle hem HiLux-yň doly elektrikli we wodorod bilen işleýän görnüşlerini hem çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrikli model eýýämden Tailandda synag edilýär, 2027-nji ýyla çenli bolsa Ýewropada bazara çykarylmagyna garaşylýar.
Hereketlendirijileriň hatarynda 2,4 we 2,8 litr göwrümli (kuwwaty 150 kWt-a çenli) dizel hereketlendirijiler saklanyp galar, olara diňe elektrik bilen işläp bilmeýän 48-woltlyk ýeňil gibrid ulgam goşular. Häzirki awtomatiki karobkanyň ýerine, Prado-dan alnan sekiz basgançakly täze karobka ornaşdyrylar.
Pikabyň doly herekete getirijili shemasy, kuzowyň ölçegleri we GR Sport görnüşi öňküligine galar. Täze modeliň resmi tanyşdyrylyşy öňümizdäki aýlarda bolar.


düýn 21:15
3.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....