8.2k+

“Akgaýa” söwda merkezinden ähli harytlaryny 36 aý garaşaryna satyn alyp bolýar

Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy bolan “Akgaýa” harytlaryny 36 aý garaşaryna berip başlady. Söwda merkezinde gurluşyk harytlary, elektrik enjamlary, santehniki enjamlar, çyralar, gurallar, gapylar, mebeller, hojalyk tehnikalary, boýaglar, sport enjamlary, ownuk şaýlary, dekor we bakja enjamlary, pol we plitka örtükleri bar...

3.8k+

Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi...

896

Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

2.8k+

Mangistau oblastynyň wekiliýeti Balkan welaýatyna bardy

Balkan welaýatynda Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň wekiliýeti kabul edildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirilip, iki sebitiň arasyndaky medeni alyş-çalşyň bir bölegi boldy...

6.8k+

Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular...

3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...

4.4k+

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi...

7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň dekabrdaky çärelere taýýarlyk ýagdaýy bilen tanyşdy

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy...

17k+

Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Şu gün, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy...

8.7k+

Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy...

1.9k+

Tatarystan Türkmenistanda söwda öýüni açmak meýilnamalary barada aýtdy

21-nji noýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O...