Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

  • 17.03.2026 08:01
  • 9k+

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, kanun tarapyndan bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2026-njy ýylyň aprel–iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar.

Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, şeýle hem gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, 27 ýaşa çenli bolan raýatlar bellenilen döwürde harby gulluga çagyrylar.

Permanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Kanuna laýyk gelýär. Resminama çap edilen pursatyndan güýje girýär.

Permany ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutany guramaçylyk çärelerini geçirmek baradaky Buýruga hem gol çekdi. Resminama goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Prezidentiň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna gönükdirilendir.

Bu edaralaryň ýolbaşçylaryna bellenen möhleti gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy tassyklanan meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek tabşyryldy. Söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek bellenildi.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
720

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......