Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aprel aýynda birnäçe olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

  • 14.03.2026 00:32
  • 4.3k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri aprel aýynda birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowa hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hususan-da, geljek aýda şu aşakdaky çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär:

  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Makroykdysadyýet» dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy hem-de «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy, şeýle hem «Ýaşlaryň ylmy gözlegleri» we «Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» atly maslahatlar;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça IV Halkara açyk internet olimpiadasy;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Häzirki zaman oftalmologiýanyň wajyp meseleleri» atly halkara maslahaty;
  • Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly II halkara ylmy-amaly maslahaty.

Bu çärelere diňe bir türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň we alymlarynyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow zehinli ýaşlary ýüze çykarmagyň we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere bu çäreleriň ýokary hilli amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......