Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

  • 17.03.2026 09:14
  • 3.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda geçirilýän bu iri çäreleriň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurduň özygtyýarly ösüş ýyllarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýändigini nygtady.

«Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär» — diýlip, Prezidentiň gutlagynda bellenilýär.

Şeýle hem telekeçileriň senagaty, oba hojalygyny we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýandyklary, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanýandyklary we bäsleşige ukyply hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýändikleri nygtalýar.

Prezident Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň, telekeçilik üçin şertleri kämilleşdirmegiň we jemi içerki önümde döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9%-e çenli ýokarlandyrmagyň meýilleşdirilýändigini belledi.

«Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr» — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Sergi 17–19-njy mart aralygynda 09:00-dan 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Çandybil şaýoly, 143) guralar. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar. Sergide ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri, ýeňil senagat harytlary, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk önümleri, mebel, gurluşyk materiallary, şeýle hem söwda, bilim, hyzmat we senetçilik ugurlaryna degişli önümler we hyzmatlar görkeziler.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......