Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy

  • 16.03.2026 22:47
  • 14k+

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleri we sebitlerdäki häzirki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bäş welaýatyň häkimleri we wise-premýer gezekli-gezegine bugdaýa ideg edilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine taýýarlyk görülýär: ýerleri taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär, ýokary hilli tohumlary we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri tamamlanýar. Ýazky ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda hem işler dowam edýär.

Şeýle-de, häkimler ýazky bag ekmek möwsümine we ählihalk bag ekmek dabarasyna, şonuň bilen birlikde Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady we ähli oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýazky bag ekmek möwsümine we ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany sebitlerdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi buýurdy. Prezident baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň ähli zerur harytlar bilen üpjün edilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......