Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

  • 17.03.2026 19:39
  • 7.5k+

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar.

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Bu çäre köpçülikleýin gezelençler wagtynda bökdençsiz ulag hyzmatyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýol peteklerini Awtokombinat belleniş nokadyndaky kassalardan, Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden, paýtagtyň demir ýol menzilinden, şeýle hem şäherara bilet goşundysy arkaly onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Esasy baýramçylyk çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçiriler. Şonuň bilen baglylykda, 20-nji martdan 23-nji mart aralygynda Awtokombinat — Türkmeniň ak öýi — Awtokombinat ugry boýunça 72-nji belgili şäherýaka awtobus gatnawy ýola goýlar.

Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 (61) 49-34-95, 44-35-30, 44-35-20.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....