Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

  • 18.03.2026 11:25
  • 2k+

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi. Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça üç sany — Masters, Challengers we Futures kwalifikasiýa toparlarynda geçirildi diýip, THP habar berýär.

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň okuwçysy Mähri Agamyradowa bu ýaryşyň uly üstünlik gazanan oýunçylarynyň biri boldy. Ol Challengers (B topary) kategoriýasynda 16 ýaşyna çenli gyzlaryň arasynda ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi.

Şeýle hem Futures toparynda (C kategoriýasy) Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde okaýan Eneş Arazmedowa bäşinji, Türkmenabatdan Gülmira Seýilhanowa bolsa ýedinji orny eýeläp, milli küşt mekdebiniň ýokary derejesini tassyklady.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy gyzlary gutlap, olaryň bu halkara üstünliginiň ýurtda zenanlaryň arasynda küşt ýaryşynyň ösüşine täze itergi berjekdigini belledi. Gyzlaryň görkezen erjelligi we ussatlygy olaryň geljekde has uly dünýä birinjiliklerinde täze sepgitlere ýetjekdiklerine ynam döretdi.


11.06.2026 08:03
3.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......