Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

  • 18.03.2026 00:27
  • 7k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtyň Halkara howa menzilinde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygy bellenildi. Iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň we syýasy partiýalarynyň arasyndaky özara hereketleriň işjeň ösýändigi nygtaldy. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hyzmatdaşlygyň mazmunynyň giňelmegine ýardam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň golaýda geçirilen mejlisinde howpsuzlyk, medeniýet, ösüş we dolandyryş ulgamlarynda kabul edilen başlangyçlara ünsi çekdi. Bu başlangyçlaryň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» we «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyçlary bilen utgaşýandygy, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek we medeni mirasy wagyz etmek ugrundaky tagallalar bilen baglanyşyklydygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde müňlerçe türkmen talyby bilim alýar. Bu ugurda türkmen wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň awgustynda Hytaýa amala aşyran sapary, onuň çäginde bilim ulgamynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar we Hytaýyň ýaşlarynyň ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar merkezine barylmagy ýatlanyldy.

Energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary bolmagynda galýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary birnäçe sagatdan soň Pekiniň «Şoudu» halkara howa menziline gondy we bu ýerde ony HHR-iň resmi adamlary garşylady.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaýa sapary dowam edýär.


22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

20.05.2026 07:31
1.6k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

17.05.2026 15:44
9.3k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....