Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy

  • 20.03.2026 11:17
  • 3.4k+

Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygy açyp, «Equuleus» halkara atçylyk toplumynyň esaslandyryjysy Wan Szýan belent mertebeli myhmana sapary üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa söz berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýa dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Ol häzirki saparynyň çäginde ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklary bilen duşuşýandygyna gaty şatdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki halkyň arasyndaky çuňňur taryhy baglanyşyklara ünsi çekip, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhynda bedewlere örän uly orun berlendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki saparyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hytaý tarapyna «Gadyrly» atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini mälim etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowgadyň, edil 12 ýyl ozal Si Szinpine sowgat berlen bedew ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň özboluşly nusgasydygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bedewleriň bu ajaýyp tohumynyň kemala gelmeginde türkmen tebigatynyň, aýratyn-da, dag howasynyň we çeşme suwlarynyň orny uly bolupdyr. Ol gadymy taryhdan bir wakany — Parfiýa döwründe hytaý ilçisiniň köp sanly türkmen atlylary tarapyndan garşylanylmagyny ýatlady. Bu waka ilçide örän uly täsir galdyrypdyr. Şol döwürde hytaý imperatoryna sowgat hökmünde ajaýyp ahalteke bedewi iberilipdir. Ahalteke atlarynyň gözelligi sebäpli Hytaýda olara «asman atlary» diýlip at berlip başlanypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we Halkara atçylyk akademiýasyna aýratyn üns berdi. Bu okuw mekdebinde häzirki wagtda 420 talyp bilim alýar. Mundan başga-da, dünýäniň alty gezek çempiony bolan we çapyksuwarlyk sungatyny wagyz etmäge uly goşant goşýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlygy hem bellenilip geçildi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......