Gurbanguly Berdimuhamedow uçardan Gazagystanyň gözelligini synlap, K.K.Tokaýewe hat iberdi

  • 20.03.2026 13:18
  • 13k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň çäkleriniň üstünden uçup barýarka, bu ýurduň tebigat gözelligini synlap, dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýene bir gezek nygtamak bilen, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hat ýollady.

«Siziň ajaýyp ýurduňyzyň çäkleriniň üstünden uçup barýarkam, onuň daglaryny, köllerini, baharda göm-gök öwüsýän çemenzarlyklaryny, uç-gyraksyz giňişliklerini höwes bilen synlap, beýik Abaý Kunanbaý oglunyň:

Bahar ýene dünýämize dolandy,
Guşlar gök ýaprakly pudaga gondy.
Ata mähri bilen ýylgyrdy Günem,
Oň mährine janly-jandar oýandy —

diýen setirlerini ýatlaýaryn» diýmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow gazak halky bilen gadymy dostluk, doganlyk we garyndaşlyk babatdaky duýgularyny beýan etdi.

«Siziň Gazagystanyň syýasy ulgamyny pugtalandyrmaga, ýurduň halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm strategik reformalary we özgertmeleri üstünlikli geçirmegiňiz bilen bagly doganlyk goldawymyzy beýan etmek hiç haçan giç däl diýip hasap edýärin. Şu baharyň Gazagystan üçin täzelenişiň, şatlygyň, agzybirligi we ylalaşygy gazanmakda täze ýeňişleriň bahary boljakdygyna ynanýaryn».

Türkmen halkynyň Milli Lideri hatynyň soňunda Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, ýurda ýolbaşçylyk etmekde üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......