Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

  • 20.03.2026 07:48
  • 5.5k+

Şu gün Türkmenistanda ahlak we ruhy tämizligiň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny we mähriban watandaşlarymyzy bu şanly baýram mynasybetli gutlady. Gutlagyň doly teksti ýurduň resmi metbugatynda çap edildi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu baýramyň taryhy köklerine we many-mazmunyna aýratyn üns çekdi:

«"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda Oraza baýramyna bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň eziz Watanymyzyň äleme ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn».

Prezident öz ýüzlenmesinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän şu ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz we wajyp ýörelgeleriň ýerine ýetirilendigini we Oraza aýynyň jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýändigini nygtady. Gutlagda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bu baýram ruhubelentlikde garşy alynýar. 

«Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär».

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli syýasaty alyp barýandygyny belläp: «Oraza baýramy hem parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna, halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, berkarar Watanymyzyň kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna goşant goşýar» diýip nygtady.

Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow halkymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi:

«Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, agzybirligimiz hem-de abadançylygymyz üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!».


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......