Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 14.03.2026 10:01
  • 1.2k+

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çäre Daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça hytaý assosiasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldawy bilen guraldy.

Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew gatnaşyjylary ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyna we daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen ýeňilliklere aýratyn ünsi çekdi.

Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çig maly gaýtadan işlemek, eksport, ulag we logistika ulgamlaryndaky ileri tutulýan taslamalary, şol sanda Hytaýyň üstaşyr geçelgelere goşulyşmagyny öz içine alýan teklipleri hödürledi.

Tanyşdyrylyşyň ahyrynda göni gepleşikler sessiýasy geçirilip, onda hytaýly telekeçiler türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......