3.7k+

Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”

Collider amerikan neşiri taryhda iň esasy kinotrilogiýalaryň reýtingini düzdi. Sanawa kinematografa uly täsirini ýetiren on taslama girdi. Şeýlelikde, neşir Jon R.R. Tolkiniň Ortaýer baradaky fentezi romanlarynyň ekranlaşdyrylmasy bolan “Ýüzükleriň hökümdaryny” (Властелин колец) iň möhüm trilogiýa diýip atlandyrdy...

4.5k+

Lionsgate Nýu-Ýorky alakalaryň basyp almagy hakynda horror filmini çykarar

Lionsgate kinokompaniýasy Nýu-Ýork şäherini agressiw alakalaryň basyp alşyny beýan edýän täze horror filmiň üstünde işleýär. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Filme häzirlikçe at dakylmady, onuň režissýory ozal «The Final Girls» atly horror filme hem-de «The Inbetweeners» serialynyň birnäçe bölümine režissýorlyk eden Todd Ştraus-Şulson bolar...

4.5k+

Tom Felton “Garri Potter” boýunça täze serialyň toparyna goşuldy

Garri Potter baradaky filmlerde Drako Malfoýyň keşbi bilen tanalýan aktýor Tom Felton ýazyjy Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanýan täze serialyň döredijilik geňeşçisi boldy. Bu barada CBR habar berýär. Ol döredijilik geňeşçisi hökmünde HBO-nyň taslamasyna gatnaşar...

4.2k+

Jeýms Kemeron «Hirosimanyň ruhlary» esasynda film düşürer

Jeýms Kemeron Çarlz Pellegrinonyň «Hirosimanyň ruhlary» (Ghosts of Hiroshima) romanyny ekranlaşdyrmak isleýär. Bu barada režissýor «Deadline» neşirine gürrüň berdi. Režissýor «Awatar» tamamlanansoň, surata düşüriş işlerine başlamagy meýilleşdirýär...

2.3k+

«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar

Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi...

2.5k+

Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar

Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi...

4.7k+

Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?

Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de,  “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar...

1.5k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar...

1k+

Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar

“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar...

4.7k+

«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar...

2.6k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär...

5.8k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer...