“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer

  • 23.04.2025 14:48
  • 2.7k+

Geçen hepde “Günäliler” (Грешники) horroryny çykaran režissýor Raýan Kugler indiki taslamasy barada gürrüň berdi. Ol nusgawy “Gizlin materiallar” (Секретные материалы) serialyny gaýtadan düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Deadline habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bu pikir öň peýda boldy we indi ol täze bölümleri, hakykatdan, gorkunç etmek isleýär.
Kugler bu taslama üçin asyl teleserialda baş keşpleri ýerine ýetiren Dewid Duhowny bilen Jillian Andersony çagyrmagy meýilleşdirýär. Ol eýýäm aktrisa bilen bu barada pikir alşandygyny aýdýar.
Anderson ozal Skalliniň roluna gaýdyp gelmäge taýýardygyny aýtdy. Ol Kugeriň täze wersiýa çemeleşmesine ýokary baha berip, bölümlerde peýda bolup biljekdigini belledi.
Häzirlikçe taslama barada jikme-jik maglumatlar ýok.
Asyl serial dokuz möwsüm dowam edip, 1993-nji ýyldan 2002-nji ýyl aralygynda çykypdy. 2010-njy ýyllarda bolsa iki goşmaça möwsüme we iki doly metražly filme eýe boldy.
Sýužet täsin we adatdan daşary hadysalary derňemek bilen meşgullanýan Federal derňew býurosynyň agentleri Dana Skalli bilen Foks Malderiň işleri barada gürrüň berýär.  


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....