“Matrisa” we Village Roadshow-yň beýleki filmleri studiýanyň batmagy sebäpli satylar

  • 29.04.2025 11:18
  • 5.7k+

Village Roadshow Entertainment Group-yň filmler ýygyndysy satuwa çykarylar. Çözgüt Golliwudyň meşhur studiýasynyň bankrot bolmagynyň çäklerinde kabul edildi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Aktiwleriň bahasy 417,5 mln dollar bilen bahalandyrylýar. Bankrotlyk işleri boýunça federal kazyýet Tomas Horan Alcon Media Group-yň teklibini tassyklady. Şertnama 108 çeper filmi, “Matrisa” we “Ouşeniň on bir dosty” ýaly franşizalarda paýlary, studiýa işewürligini we intellektual eýeçilik üçin hukuklary öz içine alýar. Bu aktiwler alyja bu franşizalaryň esasynda täze taslamalary döretmäge mümkinçilik berýär.
Mart aýynda Village Roadshow 11-nji bap boýunça bankrotlykdan goramak barada arza berdi. Munuň sebäbi öz kontentini döretmek üçin gymmat maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, şeýle-de Warner Bros bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň bes edilmegi boldy.
Kynçylyklara garamazdan, studiýanyň ýygyndysy häzirem ýylda 50 mln dollar töweregi girdeji getirýär.
Indi kazyýet aktiwler üçin iň ýokary bahalary gazanmak üçin auksionyň geçirilişine gözegçilik eder. Arza tabşyrmagyň soňky möhleti – 2025-nji ýylyň 16-njy maýy. Has amatly teklipler gelen ýagdaýynda, gyzyklanýan taraplaryň arasynda söwda çekişmesi geçirilip bilner. 


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....