UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

  • 01.05.2025 14:27
  • 13k+

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy. Film 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda dünýä derejesinde görkeziler.

Film UFC-niň iki gezek çempiony, MMA-nyň häzirki söweşijisi Mark Kerriň terjimehalyna esaslanýar. Ol 1997–2009-njy ýyllar aralygynda bäsleşdi we UFC-niň, Pride-yň, IFL-iň, Cage Rage-iň we M-1 Global-yň ýaryşlaryna gatnaşdy. Şeýle hem filmde türgeniň karýerasynyň soňlanmagyna sebäp bolan agyryny aýryjy serişdelere garaşlylyk bilen göreşişi barada gürrüň berler.
Mark Kerriň keşbini Dueýn Jonson ýerine ýetirdi. Onuň aýalynyň keşbinde Emili Blant oýnady. Şeýle hem filmde garyşyk söweş sungatynyň birnäçe meşhur söweşijileri çykyş etdi.
Aleksandr Usik üçin bu film ilkinji aktýorlyk çykyşyna öwrüldi. Ol öz watandaşy, kikboksçy we MMA-nyň söweşijisi Igor Wowçançiniň keşbini ýerine ýetirdi.
“Ýumurýan maşyna” “Gyraňlanmadyk almazlar” (“Неограненные алмазы”) we “Gowy döwür” (“Хорошее время”) filmleri bilen tanalýan Benni Safdi režissýorlyk etdi. Bu onuň dogany Joş gatyşmazdan ýerine ýetiren ilkinji özbaşdak režissýorlyk işidir.
2002-nji ýylda HBO teleýaýlymy Kerr hakda adybir dokumental filmi çykarypdy. Oňa şol ýyllaryň tanymal söweşijileri gatnaşypdy.


düýn 23:54
253

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....