Netflix Jorj Oruelliň “Malsaraýy” esasynda multfilm çykarar

  • 25.04.2025 10:45
  • 1.4k+

Jorj Oruelliň Endi Serkisiň režissýorlyk etmeginde ekranlaşdyrylýan “Malsaraý” animasiýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar.

IndieWire neşiriniň berýän habaryna görä, Set Rogen, Kiran Kalkin, Wudi Harrelson, Stiw Buşemi, Glenn Klouz, Jim Parsons, Ketlin Týorner, Geýten Matarasso, Lawern Koks, Iman Wellani, şeýle hem “Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” kinotrilogiýalarynda ýerine ýetiren keşbi hem-de Golluma ses bermegi  bilen tanalýan Endi Serkisiň özi ýaly ýyldyz aktýorlar gahrymanlara ses berer.
Oruelliň nusgawy allegoriki romany 1945-nji ýylda neşir edilipdi. Eserde fermany özbaşdak dolandyrmak üçin adamlary ondan kowup çykarýan haýwanlar hakda gürrüň berilýär. Emma doňuzlar wagyz-nesihat arkaly we itleriň kömegi bilen, beýleki haýwanlary özlerine boýun egdirip, gullaryna öwürýärler.
Serkis bu taslamanyň üstünde 2011-nji ýylda işläp başlapdy. Ekranlaşdyrmak bilen Aniventure we Imaginarium kompaniýalary meşgullanýar, edebi esasyny bolsa  “Mappetler” filmi bilen tanalýan Nik Stoller ýazdy. Prodýusserleriniň hatarynda “Betmeniň” režissýory Mett Riwz bar.
“Malsaraý” öň iki gezek ekranlaşdyryldy: 1954-nji ýylda animasiýa filmi hökmünde we 1999-njy ýylda bolsa telewizor üçin oýun kinosy hökmünde.
Serkis ilkibaşda “Ýüzükleriň hökümdary” we “Maýmynlar planetasy” atly işlerindäki ýaly, hereketi surata düşürmek görnüşindäki formaty göz öňünde tutýardy, ýöne soňunda animasiýany saýlady.


düýn 22:06
435

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......