Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar

  • 30.04.2025 15:22
  • 2.6k+

Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär.

Peýn “Gyrada” we “Nesiller” filmleriniň ssenarileri üçin iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi boldy. Şeýle-de, onuň filmografiýasynda “Saýlawlar” (Выскочка), “Şmidt barada” (О Шмидте), “Nebraska” (Небраска), “Galdyrylanlar” (Оставленные) we beýlekiler bar. 2017-nji ýylda onuň “Gysga” (Короче) komediýasy Wenesiýa kinofestiwalyny açdy.
2025-nji ýylda hormatly “Altyn ýolbars” baýragyny režissýor Werner Hersog alar. Festiwalyň doly tertibi iýul aýynda yglan ediler. 


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....