“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy

  • 01.05.2025 11:11
  • 4.3k+

Geçen dynç günleriniň jemi boýunça “Şalaryň şasy” multfilmi ABŞ-da 54,7 mln dollar gazandy. Film meşhur bolan “Mugthorlar” filminden ($53,8 mln) öňe geçip, amerikan prokatynda iň girdejili koreý kinotaslamasy boldy diýip, Deadline habar berýär.

Multfilmiň umumy kassa ýygymy 5 mln dollar býujetde 57,8 mln dollara ýetdi.
Ol tomaşaçylardan örän ýokary bahalara eýe boldy, bu hem taslamanyň Demirgazyk Amerikada meşhur bolmagyna oňyn täsir etdi.
“Şalaryň şasy” iňlis nusgawy ýazyjysy Çarlz Dikkensiň “Hudaýymyz Iisus Hristosyň durmuşy” powestiniň koreý ekranlaşdyrmasydyr. Onuň režissýory Son Ho Çan boldy.

“Kakasy ogluna dünýä taryhyny gürrüň berýär we gijeki erteki hökmünde başlanan zat onuň durmuşyny üýtgedýän kyssa öwrülýär. Öz hyýallary bilen oglanjyk özi üçin umyt bilen söýginiň baky güýjüni açjak täsinlikler dünýäsine çümýär” – diýip, animasion filmiň beýanynda aýdylýar.

Taslamada baş keşplere golliwudly ýyldyzlar ses berdi: Kennet Brana (“Gündogar otludaky ölüm”, “Nildäki ölüm”), Pirs Brosnan (“Öl, ýöne häzir däl”), Uma Turman (“Billi öldürmek”), Oskar Aýzek (“Dýuna”), Mark Hemill (“Ýyldyz söweşleri’), Ben Kingsli (“Tebip: Awisennanyň okuwçysy”, “Näletlenenleriň adasy”), Forest Uitaker (“Şotlandiýanyň soňky patyşasy”) we beýlekiler. 


düýn 22:06
290

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......