Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar

  • 03.05.2025 10:51
  • 2.5k+

Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi.

Önümçilik A24 studiýasy tarapyndan amala aşyrylar. Film 2026-njy ýylyň başynda surata düşürilip başlanar we Ýewropanyň birnäçe şäherinde geçer.
Filmiň sýužeti maşgalasy bilen Irlandiýa göçüp, ýitirim bolan aýalyny gözleýän adam baradaky wakany gürrüň berýär. Edebi esasyny “Suspiriýa” we “Uly pagşyldy” filmleri bilen tanalýan Dewid Kaýganiç ýazar. Şeýle hem ol prodýuser bolup çykyş eder.
Taslama Ridli Skottyň Skott Free, Edward Bergeriň Nine Hours we Bred Pittiň Plan B kompaniýalary gatnaşýar.
1995-nji ýylda neşir edilen "Atlylar" romanynda detektiw hekaýanyň alamatlary bilen psihologiki triller özara utgaşýar. Tim Uinton köp sanly edebi baýraklarynyň eýesi.
“Atlylardan” başga-da, Bred Pitt ýakyn wagtda Jozef Kosinskiniň “Formula-1” dramasynda peýda bolar. Şeýle hem ol “Bir gezek... Golliwudda” filminiň “Kliff Butyň başdan geçirmeleriniň dowamy” atly sikweliniň üstünde işleýär. Taslama Dewid Finçer režissýorlyk eder we edebi esasyny Kwentin Tarantino ýazýar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....