“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar

  • 03.05.2025 09:27
  • 3k+

“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi.

Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar. Aktýorlaryň ikisi-de ýerine ýetiriji prodýuserler hökmünde hem çykyş eder.
FX ikinji möwsümiň wakalarynyň birinji bölümiň wakalaryndan on ýyl soň bolup geçjekdigini belledi. Täze möwsüm “düýbünden özboluşly täze bap” bolar.

“Ikinji möwsüm ykballary berk baglanyşykly bolan dürli dünýälerden iki adam baradaky taryhy taýdan ruhlanan wakany dowam etdirer” – diýlip, teleýaýlymyň beýanynda aýdylýar.

Ssenarini Reýçel Kondo we Jastin Marks ýazdy. Olaryň aýtmagyna görä, täze waka Jeýms Klawelliň romamyndaky personažlara, şeýle-de “Aziýa sagasy” kitaplaryna esaslanýar.
Serial birinji möwsüm ýaly Wankuwerde düşüriler. Ilkibaşda Ýaponiýada düşürmek meýilleşdirildi, soňra bu pikirden ýüz öwrüldi.

“Surata düşüriş bazasynyň uludygy we çäkli mümkinçilikler sebäpli göçmek kyn bolar. Üstesine-de, Ýaponiýanyň orta asyr galalary ýa-ha saklanyp galan däldir, ýa-da ol ýerde surata düşürmek mümkin däl” – diýip, FX-iň wekili Jon Landgraf belledi.

Şeýle-de, ol ikinji we üçünji möwsümleriň bir wagtda düşüriljekdigini habar berdi, ýöne serialyň dowamy heniz tassyklanmadyk.
Birinji möwsüm FX-iň iň meşhur taslamasy boldy. Ol 18 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, Sanada bilen Anna Sawainiň aktýorlyk nominasiýalarynda ýeňiş gazanmagyna getirdi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....