Apple Tom Henksiň düşmeginde “Greýhaund” harby dramasynyň dowamyny çykarar

  • 28.04.2025 17:18
  • 3.7k+

Apple kompaniýasy Tom Henksiň düşmeginde Ikinji jahan urşy döwrüniň esminçisi (harby deňiz gämisi) hakdaky filmiň dowamy bolan “Greýhaund 2-niň” önümçiligine başlady diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Oskar baýragyny alan aktýor ýene öz keşbine gaýdyp geler. Film 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Awstraliýada surata düşürilip başlanar.
Geljekki film gäminiň kapitany Ernest Krauzeniň başdan geçirmelerini dowam etdirer. Görnüşi ýaly, filmiň dowamy asyl nusgasyndan has uly bolar - baş gahrymanyň gämisi diňe bir Ýuwaş ummanynda däl, eýsem Normandiýanyň kenarlarynda-da söweşlere gatnaşar. Filme ýene-de Aaron Şnaýder režissýorlyk eder.
“Greýhaundyň” asyl nusgasy 2020-nji ýylda Apple TV+ onlaýn-kinoteatrda çykypdy we tankytçylaryň hem-de tomaşaçylaryň oňyn seslenmelerini alypdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......