“Gök gürrüldedijiler*” prokata şowly başlap, kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy

  • 06.05.2025 16:13
  • 3.1k+

“Gök gürrüldedijiler*” (Громовержцы* / Thunderbolts*) filmi 4-nji maýda tamamlanan dynç günlerinde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Variety we The Hollywood Reporter neşirleriniň habar bermegine görä, ilkinji uikendde film ABŞ-da 76 mln dollar we daşary ýurtlarda 86,1 mln dollar gazandy. Umumy kassa ýygymy 162,1 mln dollar bolup, analitikleriň çaklamasyndan birneme ýokarydyr.

Film tomaşaçylardan oňyn seslenme aldy. Rotten Tomatoes-de film 95% oňyn ses aldy we bu Marvel kinoäleminde “Möý adam: Öýden uzakda” bilen bir hatarda üçünji netijedir. Olardan ýokary görkeziji diňe “Şan-Çi” (98%) we “Möý adam: Öýe ýol ýok” (97%) filmlerinde bar.
PostTrak-da tomaşaçylar filme 5 ýyldyzdan 4,5 ýyldyz berdi. CinemaScore-yň maglumatlaryna görä, filmiň bahasy “A-” boldy.
“Gök gürrüldedijiler*” filminiň býujeti, takmynan, 180 mln dollara barabar. Ýene 100 mln dollary Marvel kompaniýasy marketinge sarp etdi. Uly çykdajylara garamazdan, oňyn seslenmeler filme kinoteatrlarda adatdakysyndan uzak galmaga kömek eder diýip, Variety belleýär.
Filmiň sýužeti Ýelena Belowa (Gara dul), Baki Barns (Gyş esgeri), Gyzyl goragçy ýaly anti-gahrymanlaryň topary barada gürrüň berýär. Olar Walentina Allegra de Fonteýn tarapyndan gurnalan duzaga düşenlerinden soň, howply missiýany ýerine ýetirmek üçin birleşmeli we öz geçmişiniň garaňky taraplary bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar.
Režissýor Jeýk Şreýeriň aýtmagyna görä, filmiň adyna goşulan ýyldyzjyk “başdan bäri ssenaride bardy”. Ol Gök gürrüldedijileriň – supergahrymanlaryň wagtlaýyn adydygyny aňladýar. Ýagny, sýužetiň ösmegi bilen awtorlar tarapyndan goýlan “kiçijik yşaratlar” toparyň täze adyna – Täze Ar alyjylara getirmelidi.
Geçen dynç günleri amerikan prokatynda ikinji orny 33 mln dollar bilen “Günäliler” (Грешники) horrory eýeledi. Filmiň kassa ýygymy geçen hepde bilen deňeşdirilende bary-ýogy 27% azaldy. Bu filmiň henizem uly gyzyklanma döredýändigini aňladýar.
“Minecraft kinoda” ABŞ-da 400 mln dollara we dünýä prokatynda 1 mlrd dollara golaýlady.


06.04.2026 10:50
2.1k+

Şazada Garri bilen Megan Markl polo oýny we ýokary gatlagyň durmuşy barada film çykarar

Şazada Garri we Megan Markl Netflix platformasy üçin ýokary gatlagyň durmuşy hem-de polo oýny barada çeper film dörederler. Bu barada Deadline neşiri habar berýär....

04.04.2026 22:34
15k+

"Teýmirleň" atly taryhy film bütin dünýäde görkezildi

"Teýmirleň" taryhy filmi bütin dünýäde görkezildi: 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinden bäri film 30-dan gowrak ýurtda görkezilýär. Taslama Amerikanyň Mystery Box, Özbegistanyň 7SABER we Gazagystanyň BWG Production......

03.04.2026 10:52
3.3k+

Tankytçylar «Super Marionyň» dowamyny ýer bilen ýegsan etse-de, ol bir günde $34 mln gazandy

«Super Mario: Galaktika kinosy» atly täze multfilm synçylaryň bellik platformalarynda pes bahalary aldy. Metacritic saýtynda onuň reýtingi 37 bal, «Rotten Tomatoes» saýtynda bolsa 45% görkezildi....

02.04.2026 15:50
4.3k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....