Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi

  • 08.05.2025 13:24
  • 1k+

Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Bu bölüm Google tarapyndan maliýeleşdirilip bilinjek taslamalary gözlär. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa bu ugra täze tehnologik önümlerini, şol sanda emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalaryny giň halk köpçüligine tanatmak üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.
«Business Insider» neşiriniň bellemegine görä, Google irki tapgyryna gatnaşýan taslamalarynda gahrymanlaryň Android enjamlaryny ulanmagyna garşy däl. Emma bu tebigy we ýerlikli bolmaly, zor bilen girizilen ýaly bolmaly däl.
100 Zeros-yň ilkinji taslamalarynyň biri hökmünde 2024-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenen «Cuckoo» atly gorky filmi görkezilýär. Filmiň başdaky titrlerinde 100 Zeros-yň logotipi hem ýerleşdirilipdir.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Google bu filmleri we teleseriallary ýaýratmak üçin, YouTube platformasyny ulanmagy meýilleşdirmeýär.
Kompaniýa bu başlangyjy işe girizendigini heniz resmi taýdan mälim etmedi. Şeýle-de kompaniýa žurnalistleriň beren soraglaryna hem hiç hili jogap bermedi.
Ýatlatsak, mart aýynda Apple kompaniýasynyň her ýyl Apple TV+ striming hyzmatyndan bir milliard dollardan gowrak zyýan çekýändigini habar beripdik.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....