Apple TV+ hyzmaty kompaniýa her ýyl $1 mlrd möçberde ýitgi getirýär

  • 22.03.2025 10:55
  • 1.8k+

Apple kompaniýasy Apple TV+ striminginde ýylda 1 mlrd dollardan gowrak ýitgi çekýär. 2024-nji ýylda korporasiýa ilkinji gezek önümçilik çykdajylaryny 500 mln dollar azaltdy diýip, çeşmelere salgylanyp, The Information habar berýär.

2019-njy ýylda hyzmat işe girizileni bäri Apple ýylda 5 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etdi. Deadline neşiri işe girizilenden soň ilkinji ýyllarda milliardlarça dollarlyk ýitgileriň akym hyzmatlary üçin adaty zatdygyny we köpüsiniň soňlugy bilen girdeji gazanýandygyny belleýär. Geçen ýyl Apple 391 mlrd dollar gazandy, şonuň üçin bu ýitgileri aňsatlyk bilen geçirip biler.
Bellenilişi ýaly, Apple kompaniýasy “Ertirki şou” (Утреннее шоу), “Ted Lasso” (Тед Лассо), “Terapiýa” (Терапия) we “Bölüniş” (Разделение) ýaly üstünlikli bolan taslamalarynyň netijesinde ýitgileri kem-kemden azaltmagy başarýar.
Şeýle-de, The Information Apple TV+ hyzmatyna ýazylan ulanyjylaryň sanyny mälim etdi. Korporasiýa şeýle maglumat bilen hiç haçan paýlaşmady, ýöne neşir strimingiň 45 mln tomaşaçy müşderisiniň bardygyny belleýär. Ol 36 mln ulanyjyly Peacock-dan öňe geçdi we 53 mln ulanyjyly Hulu-nyň yzyndan barýar. 
Hyzmata ýazylan ulanyjylaryň sanynyň artmagy “Bölüniş” serialynyň üstünligi bilen baglanyşykly bolup biler. Tomaşaçylar ikinji möwsüm çykandan soň bu seriala 3 mlrd minut tomaşa etdi: bu ortaça her ulanyjy üçin bir bölüme deňdir.


düýn 09:37
3.8k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

10.05.2026 19:42
1.8k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......