Frensis Ford Koppola kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragy bilen sylaglandy

  • 03.05.2025 11:44
  • 1.9k+

Los Anjelesde (ABŞ) geçirilen 50-nji «AFI Life Achievement Award» gowşurylyş dabarasynda Frensis Ford Koppola iň ýokary baýrak bilen sylaglandy. Oňa bu sylagy meşhur režissýorlar Stiwen Spilberg bilen Jorj Lukas gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynda Koppolanyň amerikan kino we telewideniýe sungatynyň ösüşine goşan uly goşantlary aýratyn bellenildi diýip, «Deadline» neşiri ýazýar.

Bu dabara Robert De Niro, Al Paçino, Adam Draýwer, Harrison Ford, Endi Garsiýa, Morgan Frimen, Spaýk Li, Dastin Hoffman we El Fanning ýaly tanymal sungatçylar hem gatnaşyp, meşhur režissýory gutladylar.
Dabaranyň alyp baryjysy hökmünde çykyş eden Spilberg «Çokundyran ata» (Крёстный отец) filmini «häzirki wagta çenli döredilen iň beýik amerikan filmi» diýip atlandyrdy.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....