"Unutma", "Özgeleriň durmuşy", "Ýedi": Collider neşiri soňky 30 ýylyň iň gowy 10 trillerini saýlady

  • 06.05.2025 16:05
  • 3.6k+

Amerikanyň abraýly Collider neşiri soňky 30 ýylda çykan iň oňat on trilleriň sanawyny çap etdi. Sanawa, awtorlaryň pikirine görä, dartgynly atmosferasy, garaşylmadyk sýužet öwrümleri we ajaýyp aktýorlyk ussatlygy bilen tapawutlanýan filmler girdi.

Birinji orny Kristofer Nolanyň “Unutma” («Помни») (2000) filmi eýeledi. Bu filmdäki waka ters hronologiýa boýunça gürrüň berilýär we wagtal-wagtal ýadynyň ýitmeginden ejir çekýän we aýalynyň ganhoryny gözleýän adama bagyşlanýar. Collider filmi "hekaýat etmek boýunça ussatlyk okuwy" we "ýat, gaýgy we hyýalylyk hakda oýlanma" diýip atlandyrýar.
Sanawda ikinji orunda nemes režissýory Florian Henkel fon Donnersmarkyň “Özgeleriň durmuşy” («Жизнь других») (2006) filmi durýar. Sýužetiň merkezinde - dönüklikde güman edilýän dramaturga gözegçilik edýän ofiser Ştazi. Neşir filmi "hökümet gözegçiliginiň garaňky portreti we ynamyň pese gaçmagy", şeýle hem "adam gatnaşyklarynyň güýji" hökmünde suratlandyrýar.
Üçünji ýeri Dewid Finçeriň “Ýedi” («Семь») (1995) trilleri aldy. Bred Pitt bilen Morgan Friman ýedi ölümiň günäsi bilen baglanyşykly bir topar ganhorlygy derňeýän aňtawçynyň keşbinde oýnaýarlar. "Agyr atmosfera her bir kadryň içinden eriş-argaç bolup geçýär: şäher çökgünliginiň hopukdryjy howasy we tükeniksiz ýagyş wakanyň esasyndaky ahlak taýdan pese gaçyşlygy şöhlelendirýär" – diýip, neşir belleýär.
Sanawda dördünji we bäşinji orny koreý režissýory Pon Jun-honyň “Ganhorluk hakdaky ýatlamalar” (2003) we “Mugthorlar” (2019) atly iki film aldy. Soňky film “Oskar” baýragyny alan ilkinji Günorta Koreýa filmi, şeýle hem “Iň oňat film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyny alan ilkinji iňlis dilli däl film boldy.
Altynjy orunda Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi janlandyrmagynda Martin Skorsezeniň “Näletsiňenler adasy” (2010) psihologiki trilleri durýar.
Şeýle hem ilkinji onluga Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Tussag zenanlar” (“Пленницы”) (2013), M.Naýt Şýamalanyň “Sekizinji duýgy” (“Шестое чувство”) (1999), Den Gilroýyň “Stringer” (2014) we Entoni Mingellanyň “Zehinli jenap Ripli” (“Талантливый мистер Рипли”) (1999) filmleri girdi.
Collider öňem soňky on ýylda çykan iň gowy gorkunç filmleriň sanawyny neşir edipdi. Ilkinji üçlüge: Demian Runýanyň “Erbetlige ýoluganlar” (“Одержимые злом”), Dewid Robert Mitçelliň “Ol seniň yzyňdan gelýär” (“Оно приходит за тобой”) we Ari Asteriň “Reinkarnasiýa” filmi girdi.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....