Winsan Kassel, Izabel Ýupper we Katrin Denew Asgar Farhadiniň täze filminde surata düşerler

  • 28.04.2025 14:05
  • 3.2k+

Eýranly režissýor Asgar Farhadi "Parallel wakalar" atly täze filmini surata düşürer. Film Fransiýanyň öňdebaryjy aktýorlarynyň gatnaşmagynda Parižde düşüriler diýip, Variety habar berýär.

Taslamada Wensan Kassel (“Gara guw”, “Suw astynda” (“Черный лебедь”, “Под водой”), Izabel Ýupper (“Ýalanyň gujagynda”, “8 zenan” (“В объятиях лжи”, “8 женщин”), Katrin Denew (“Täze wesýet”, “Indokitaý” (“Новейший завет”, “Индокитай”), Wiržini Efira (“Diňe sen we men”, “Höwes” (“Только ты и я”, “Искушение”) we Pýer Nine (“Graf Monte-Kristo”, “Gara guty” (“Граф Монте-Кристо”, “Черный ящик”) ýaly kino ýyldyzlary çykyş eder.
Sýužetiň jikme-jiklikleri we aktýorlaryň ýerine ýetirjek keşpleri entek açylmady.
"Paralel wakalar" Farhadiniň soňky 12 ýylda fransuz dilindäki ilkinji taslamasy bolar. Filme Aleksandr Malle-Gaý, Asgar Farhadiniň özi we Dewid Lewin prodýusserlik ederler.
Film güýzde surata düşürilip başlar. Filmiň 2026-njy ýylyň ýazynda prokata çykmagyna garaşylýar. Filmiň önümçiligi bilen Memnto Productions, Lucky Red, Panache Productions, La Compagnie Cinematographique we Anonymous Content kompaniýalary meşgullanar.
Asgar Farhadi Berlin film festiwalynyň “Altyn aýysynyň” eýesi (2011) we “Daşary ýurt dilindäki iň oňat film” nominasiýasy boýunça iki gezek (2012, 2017) Oskar baýragyna mynasyp boldy. Režissýor “Nader bilen Siminiň aýrylyşmagy” (“Развод Надера и Симин”), “Elliniň başdan geçireni” (“История Элли”,), “Kommiwoýažer”, “Geçmişiň çoçgarlary” (“Лабиринты прошлого”) we “Gahryman” (“Герой”) ýaly filmleri bilen tanalýar.


düýn 19:49
1.8k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

düýn 11:29
1.3k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:36
2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

15.05.2026 11:13
1.1k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....